çalymtyk

çalymtyk
[ça:alymtyk]
Çalaryp görünýän, kül reňkine meňzeşräk bolan.
∙ Asmanyň çalymtyk goýry buludy torgaýlap ýagdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Ol çalymtyk goňras murtuna timar berdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem çalymtyk - çalymtygy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужен реферат?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»